Global Perspektiwa - 42

Bilim Strategiýasy Nähili Bolmaly?

1070417
Global Perspektiwa - 42

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Dekany Prof. Dr. Kudret BÜLBÜLüň mesele boýunja synyny dykgatynyza ýetirýäris…

Milli bilim ministri Ziýa Selçugyň wezipä başlan günlerinde täze bir bilim strategiýasynyň düzülmeginiň möhümdigini we onuň gysga möhletde düzüljekdigini beýan etmegi köp adamy tolgundyrdy. Akademiýa, býurokratiýa we syýasat bilen bagly meselelerimiziň bir böleginiň stratregiýadan mahrumdygy sebäpli ýüze çykýandygy mälim. Şol sebäpli döwlet ýa-da hususy edaralarda işe ilki bilen strategiýa düşünjesi bilen başlamak iňňän möhüm başlangyç. Ýakyn döwürde esasanda tehniki isleglere, gyssagly meselelere gönügen milli bilim ulgamynyň täze strategiýa geçmeginiň möhümdigi äşgärdi. Beýleki tarapdan meselelerimiziň bir bölegi ýalňyş strategiýalardan gelip çykýar. Bilim ulgamynda täze strategiýanyň düzülmegi iňňän ýerlikli bolmak bilen birlikde, täze strategiýanyň 200 ýyldan bäri dowam edýän ýalňyş ýa-da ýeterlik bolmadyk strategiýalardan tapawutlanmagy üçin hemmeler elinden gelen goşandy goşmaly.

  1. Nähili adam ýetişmelidigini bilýän strategiýa: Bilim strategiýasy ilki bilen raýatlarymyzy we milletimizi ýagty geljege ýetirmek üçin nähili adam özboluşlygyna eýe bolmalydygymyzy kesgitlemeli. Şu günki günde gerek bolan adamyň özboluşlygy milli we ruhy gymmatlyklar bilen gurşalan, ähliumumy gymmatlykara eýe bolan, plýuralist, doly üpjünçilikli adam özboluşlygy.
  2. Strategiýa başlangyç kadalara esaslanmaly:Adamyň özboluşlygyndan soň bilimiň strategiýasynyň şol özboluşlyk üçin belli bir pelsepä ýa-da kadalara eýe bolmaly.
  3. İslegiň kesgitlenmegi we amatly üpjünçilik: Adamyň özboluşlygyndan we başlangyç kadalardan soň günüň şertlerine laýyk isleg analizi geçirilmeli. İsleg analizi geçirilýärkä hususy pudak bilen, ýurtdaky tapawutly edaralar bilen, jemgyýetçilik guramalary bilen, ylym dünýäsi bilen Türkiýäniň, sebitimiziň we dünýämiziň geljegi göz öňünde tutulmaly. Taýarlanan isleg analizine görä bilim tapgyrynda berilmeli ugurlar we hiller kesgitlenmeli. Türkiýäniň zähmetiň köp çekilýän ýurtlardan biridigi, ara hünärli adamlaryň köp ýetişdirilmelidigini, şol sebäpli hünärmen mekdepleriniň seljerilmelidigini, ulgamyň dolulygyna islege görä ýaňadandan özgerdilmelidigini aýdyp bileris. İsleg analizi bir gezeklik bolmaly däl, yzgiderli aktuallaşdyrylmaly, durmuşyň talabyna görä yzgiderli kämilleşdirilmeli.
  4. Utgaşdyryjy, gözegçilik ediji we ugrukdyryjy döwlet:Ýetişdirilmek islenýän adamyň özbolyşlygy kesgitlenenden soň iň esasy zat bilimiň dolulygyna döwlet tarapyndan beriljekdigi, ýada döwletiň ugrukdyryjy, gözegçilik ediji, utgaşdyryjy pozisiýa eýelejekdigi meselesi. Döwrebap adamlar çagalarynyň geljegi bilen has ýakyndan gyzyklanýarlar. Sowuk uruş döwründäki döwletiň raýatlaryň islegdir pikirlerine garamazdan, dolulygyna öz kesgitlän okuw maksatnamasyny jemgyýete hödürleýän döwri yzda galdy. Maşgalalar çagalarynyň öz dinlerine, dillerine, medeniýetlerine sarpa gyýýan bilim ulgamynda ýetişmegini isleýärler. Globallaşma tapgyry bilen bazaryň talap edýän ýokary hünärli adam özbolyşlygy hem indi sowuk uruş döwrüniň bir görnüşli bilim ulgamynyň ýetişdirýäninden has ýokarda. Bilim ulgamy hem ene-atalaryň plýuralist isleglerine hem-de bazaryň talap edýän tapawutly isleglerine jogap bermeli. Şeýlelikde bilim strategiýasyny düzmek şol bir wagtda azatlyk, adam hukuklary, bazaryň islegleri meselesidir. Has açyk aýdylanda bilim ulgamlary ene-atalaryň musulmanlyk, hristiýanlyk, ýehudilik ýa-da sekulýar, liberal, sosialist, konserwatiw ýa-da tapawutly bilim isleglerini kanagatlandyrmaly. Şol bir wagtda bäsdeşligiň günsaýyn güýçlenýän şertlerinde islegleri ýygy-ýygydan özgerýän wazaryň isleglerini nazarda tutmaly. Häzirki wagtda bilimde raýat jemgyýetiniň we hususy pudagyň ýerini giňeltme tapgyrynyň depgini güýçlendirilmeli. Şol usulyýet saglygy goraýyş pudagynda üstünlikli amal edilýär. Raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň ýalňyşlyklary barada aýdyp bileris. Şol tankydy bellikler ýerlikli hem bolup biler. Emma biziň medeniýetimiz gazna medeniýetine esaslanýar. İbni Sina, Gazaly, Möwlana, Horezmi, Molla Fanari, Aly Guşçy ýaly köp sanly alym we pikirzada adam ähli gazna medeniýetine degişli bolan guramalardan ýetişen adamlar. Guraýan hem bolsa şol derýa suw daşalmaly, şol ojak gaýtadan dikeldilmeli.

Beýleki tarapdan Türkiýe ýaly ýaş ilatly, emma ilatynyň artyş depgini gowşan ýurtlarda täze mekdep, mugallym, bina ýaly bilim bilen bagly islegleriň we çykdajylaryň diňe bir döwlet arkaly edilmeli iňňän uly serişde talap edýär.

  1. Okuwçylary ukyplaryna görä ugrukdyrýan strategiýa: Häzirki bilim ulgamynyň esasy kemçiliklerinden biri ugrukdyrmaýandygy üçin ýaşlarymyzy uniwersitetlere we hünär synaglaryna çenli ýetirmegi. Ýurduň kariýer hünär diýilýän hünärlere bolan islegi diýseň çäklidigine garamazdan ýaşlaryň soňky nokada çenli alynyp gidilmegi iňňän uly ýitgi. Şol sebäpli bilim strategiýamyz okuwçylarymyzy başlangyç mekdepden başlap, ukyplaryna görä ugrukdyrýan ulgama esaslanmaly. Ugrukdyryjy ulgam wagtal-wagtal çalşykly hem bolmaly.
  2. Halkara bäsdeşlige açyk strategiýa: Türkiýä hünsaýyn halkara talyp merkezine öwrülip barýar. Prezidentimiz Ýokary Bilim Geňeşiniň Ylmy ýylynyň açylyş dabarasynda Türkiýede 143 müň daşary ýurtly talybyň okaýandygyny beýan etdi. Global bäsdeşlikdäki maksadymyz şol sanyň hasam artdyrylmakdan ybarat. Daşary ýurtly talyplaryň sanynyň artdylmagy üçin uniwersitetleriň hünärmenleşmeli, hususy pudak täze maýalar goýmaly, bilim düzgünnamasy özgerdilmeli.
  3. Merkeze garaşly däl, ýerli isleglere laýyk strategiýa: Strategiýa ýerli isleglere görä tapawutly şäherlerde, tapawutly mekdeplere şertler döretmeli, mekdepleriň şäherleriň isleglerine görä tapawutly wagtlarda açylyp-ýapylmagyna şert döredilmeli.

Gepleşigimizi Seo Jek Manyň sözler bilen tamamlamak isleýäris: “Bilim uly mesele. Öwrediş usulymyzy özgertmesek başymyz dertli bolar. Çünki öwrediş usulymyz, öredýänlerimiz 200 ýyl ozaldan galan. Çagalarymyza enjamlar bilen bäsleşmegi öwretmeli. Olar has akylly. Gymmatlyklar, ynanmak, özbaşdak pikirlenmek, topar işlemek, başgalaryna sarpa goýmak. Bular adama mahsus ukyplar. Maglumat size bular öwretmez. Adamlaryň biri-birinden tapawutlydyklaryna düşünmekleri üçin sungat öwredilmeli. Öwredýänlerimiz enjamlardan tapawutly bolmaly.”



Degişli Habarlar