Sakarýada Aýwa festiwaly geçirilýär

Sakarýanyň Geýwe etrabynda geçirilýän Aýwa festiwalynda biri-birinden üýtgeşik tagamlar bilen tanyşyp bolýar

1068404
Sakarýada Aýwa festiwaly geçirilýär

Aýwa festiwaly Geýwe häkimligi tarapyndan bu ýyl 2-nji gezek geçirilýär.

Festiwal Stambulyň şäher häkimliginiň Mehteran toparynyň ýerine ýetirmegindäki çykyş bilen başlady.

Festiwala gatnaşýan adamlara aýwadan bişirilen biri-birinden üýtgeşik datlylar hödür-kerem edildi.

Iň köp gyzyklanma bilidirilen tagamlar bolsa aýwa lukumy we aýwa döneri boldy.

Festiwalyň çäginde “Iň owadan Aýwa ýaryşy” geçiriler.

Ýaryşa gatnaşanlara we festiwala goşant goşanlara sylaglar beriler.

Festiwalyň çäginde şeýle hem konsertler geçiriler.

Geýwe Aýwa festiwaly 3 gün dowam eder.


Etiketkalar: #Sakarýa , #aýwa , #festiwal

Degişli Habarlar