Syýahatçylyk Pudagynyň Girdejisi 54 Milliard 315 Million Dollara Barabar Boldy
Syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 2023-nji ýylda 16,9 göterim artdy
2095840
Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 2023-nji ýylda 54 milliard 315 million dollara barabar boldy.
Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 16,9 göterim artyp 54 milliard 315 million 542 müň dollara barabar boldy.
Türkiýeden daşary ýurtlara gidenleriň sany 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11,1 göterim artyp 57 million 77 müň 440 adama ýetdi.
Degişli Habarlar
Alanýa kruiz gämi geldi
Alanýanyň portyna baran gäminiň düzüminde aglabasy ABŞ-ly bolan 1973 ýolagçy we 785 işgär bar