Etjek Doga-dilegleriňiz Kabul Bolsun

Şu gije Gadyr gijesi bellenilip geçiler

2125076
Etjek Doga-dilegleriňiz Kabul Bolsun

Yslam dininde remezanyň 27-nji gijesine gabat gelýän we Gurhanda “müň aýdan has haýyrly” bolandygy beýan edilýän gadyr gijesi şu gije bellenilip geçiler.

Gurhanyň ýer ýüzüne inderilmäge başlanan gadyr gijesi “asmanyn gapylarynyň açylan, dogadyr tobalaryň kabul edilýän mübärek gije” hökmünde kabul edilýär.

Gadyr gijesinde toba etmek we günäleriň bagyşlanmagy üçin doga etmek we Gurhan okamak maslahat berilýär. 

Muhammet Pygamber “müň aýdan has haýyrlydygy” beýan edilen Gadyr gijesinde: "Allam sen günäleri bagyşlaýansyň, günäleri geçýänsiň, meniňem günälerimi geç, bagyşla" diýlip doga okalmagyny maslahat beripdir. 



Degişli Habarlar