Türk dünýäsiniň kitap sergisi açyldy

“Türki dünýäsiniň Kitap sergisi” milli bilim ministri Nabi Awjynyň gatnaşmagynda dabara bilen açyldy

63403
Türk dünýäsiniň kitap sergisi açyldy

Serginiň açylyşyna Eskişehiriň gubernatory Güngör Azim Tuna, Türk dünýäsiniň ýazyjylar bileleşiginiň başlygy Anar Rzaýew, Ýewraziýa ýazyjylar bileleşiginiň başlygy Ýakup Ömeroglu, Türkiýeden we Türki dünýäsiniň dürli künjeklerinden 100-e golaý ýazyjy we neşirýat öýüniň wekilleri gatnaşdy.

Türk dünýäsiniň medeni paýtagty Gullugy we Ýewraziýa ýazyjylar bileleşigi tarapyndan guralan sergä 18 ýurtdan 48 ýazyjy we 80-e golaý neşirýat öýünden wekiller gatnaşýar.

Milli bilim ministri Nabi Awjy serginiň açylyşynda sözlän sözünde, serginiň asylly däbe öwrüljek başlangyç boljakdygyny aýtdy.

Awjy açylyşdan soň sergini gezip gördi, raýatlara käbir kitaplary okamaklaryny maslahat berdi. Sergi 11-nji maýa çenli açyk bolar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar