"Demokratiýa taýdan göreşimizi dowam etdireris"

Krymogly krymlylara öz topraklarynda daşary ýurtly ýaly çemeleşýän basyp alyjylar hakynda Ýewropa kaziýetine ýüz tutjakdygyny aýtdy

64785
"Demokratiýa taýdan göreşimizi dowam etdireris"

Krym Tatar Milli Mejlisiniň ozalky başlygy we Ukrainanyň halk deputaty Mustafa Abdüljemil Krymogly, krymlylara öz topraklarynda daşary ýurtly ýaly çemeleşýän basyp alyjylar hakynda Ýewropa kaziýetine ýüz tutjakdygyny aýtdy.

Krymogly Awstralýanyň paýtagty Wenada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan geçirlen maslahatda “Krymadaky adam hukuklary meselesi” hakynda maglumat berdi.

Maslahatdan soň Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň soraglaryna jogap beren Krymogly, Kryma girmegine rugsat berilmezliginiň adam hukuklary taýdan kabul edilip bilinmejekdigini belledi.

Ruslaryň Krymda ýaşaýan her bir adamy rus raýatlygyny kabul etmäge mejbur edýändigini aýdan Krymogly “Biz mesele hakynda Ýewropanyň kaziýetlerine ýüz tutarys. Biz ganyň dökülmegini, ýarag ulanylmagyny islemeýäris. Demokratiýa taýdan göreşimizi dowam etdireris” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar