Krym tatarlary hatyralandy

Sürgün edilenleriň hormatyna ýakylan çemler Krym ýarym adasynyň kartasy şeklinde düzüldi

69597
Krym tatarlary hatyralandy

70 ýyl ozal Sowet hökümeti tarapyndan sürgün edilen Krym tatarlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewde hatyralandy.

Hatyralama çäresine Kryma girmegine rugsat berilmedik Krym tatarlarynyň lideri we Ukrainanyň halk deputaty Mustafa Abduljemil Krymogly hem gatnaşdy.

Kiýew we Lwow şäherlerinde geçirlen hatyralama çärelerine tatarlar bilen olara goldaw berýän ukrainalylar gatnaşdy.

Sürgün edilenleriň hormatyna ýakylan çemler Krym ýarym adasynyň kartasy şeklinde düzüldi.

Krymdaky hatyralama çäreleri bolsa dartgynly atmosferada geçirildi.

Krymyň Russiýa goldaw berýän hökümeti tarapyndan goýlan gadanaçylyk sebäpli diňe 100 adam paýtagt Akmesjitdäki sürgün ýadigärligine gül desselerini goýdy.

İň uly çäre bolsa 15 müňe golaý adamyň gatnaşmagynda Bahçesaraýda geçirildi.

Emma Russiýanyň harby güýçlerine degilşi iki harby dik uçaryň pesden uçmagy sebäpli hatyralama çäresi goh-galmagally ýagdaýda geçirildi.

Ukrainadaky tatarlar Sowet lideri Stalin tarapyndan 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda mejury ýagdaýda Orta Aziýa we Sibire sürgün edilipdi.

Tatarlaryň ýarysy ýolda ýa-da giden ýerlerinde açlyk, suwsuzlyk we hassalyk sebäpli ýogaldy.

Tatarlaryň dogduk diýarlaryna dolanyp barmaklaryna 1980-nji ýyldan soň bölekleýin rugsat berildi. Emma bu mesele henizem doly çözülmedi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar