Krymogly saýlawyň durnuklylyk üçin başlangyç boljakdygyny aýtdy

Ukrainada geçirilen prezident saýlawynda Krymdaky saýlawçylaryň esasy bölegi ses berip bilmedi

73704
Krymogly saýlawyň durnuklylyk üçin başlangyç boljakdygyny aýtdy

Russiýa birikmegi kabul etmeýän krymlylaryň bir bölegi bolsa Ukraina baryp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler. Şolaryň hatarynda köp sanly Krym tatarlary hem bardy…

Kryma barmagy gadagan bolan Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Abdyljemil Krymogly sesini paýtagat Kiýewde berdi. Krymogly TRT-ä beren beýanatynda sesini Pýotr Poroşenko berendigini aýtdy.

Krym tatarlarynyň lideri saýlawlaryň ýurtdaky ýagdaýy dolulygyna üýtgetmeginiň mümkin däldigini, emma durnuklylyk taýdan başlangyç edilendigini nygtady.

Krumoglynyň pikiriçe Russiýa Donetsk we Lugansk welaýatlatlaryna çäre görmän halatynda gysga möhletde durnuklylyk ýola goýular.

Krym tatarlarynyň lideri Russiýanyň Prezidenti Putiniň Ukrainada saýlawyň netijelerine sarpa goýjakdyklaryny beýan edendigine garamazdan, köne endiklerinden hem ýüz öwürmändiklerini aýtdy.

Krymyň Ukraina yzyna dolanmagy üçin wagt bermegiň kyndygyny hem nygtan Krym tatarlarynyň lideri, Russiýanyň hökümetinin özi barasynda täze meýilnamalar taýarlaýandygyny belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar