Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda täze döwür başlaýar

Dawutogly Daşkende guraýan saparynyň çäginde Prezident Yslam Kerim tarapyndan kabul edildi

125233
Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda  täze döwür başlaýar

Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda dugrunlyk döwründen täze döwür başlaýar.
Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Özbegistanda saparda bolýar.
İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda 1999-njy ýylda başlan “ýalňyş düşnüşmezlikler” döwründen soň täze başlangyç edilýär.
Doly 13 ýyl soň Türkiýäniň Daşary işler ministri Özbegistana bardy.
Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda soňky döwrüň iň möhüm duşuşygy geçirilýär. Taraplar sapara “täze başlangyç” hökmünde garaýar.
Daşary işler ministri Dawutogly Daşkende guraýan saparynyň çäginde Prezident Yslam Kerim tarapyndan kabul edildi.
Kerimow bilen Dawutogly gatnaşyklarda ýetilenden sepgit we mundan soň durmuşa geçiriljek işler hakynda pikir alyşdy.
Özbek lideri Türkiýäniň dünýäde ykdysady we harby taýdan oýnaýan roluna ünsi çekdi we soňky döwürde başdan geçirlen durgunlyk döwrüniň ortadan aýrylmagynyň ähmiýetini nygtady.
Kerimow iki ýurduň arasynda goýberlen ýalňyşlyklaryň indi gaýtalanmazlygynyň ähmiýetine we Dawutoglynyň kynçylyklaryň çözülmegi meselesindäki tejribelerine ünsi çekdi.
Dawutogly hem dostluk ýüzlenmesini berdi.
Dawutogly “durgunlyk döwri gutardy, gatnaşyklarymyz dünýä ýurtlaryna görelde hökmünde görkeziler” diýdi.
Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly saparynyň çäginde özbek kärdeşi Abduaziz Kamilow we Ykdysadyýet, maýa goýumlar we söwda ministri Elýar Ganiýew bilen hem duşuşdy.
Dawutogly şeýle hem Özbegistanda ýaşaýan türkler bilen duşuşdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar