"Türkmenler üçin howpsuz zolaklar döredilmeli"

Salihi “Türkmenler üçin howpsuz zolaklar döredilmeli” diýdi

128568
"Türkmenler üçin howpsuz zolaklar döredilmeli"

Yrak Türkmen frondynyň başlygy Salihi “Türkmenler üçin howpsuz zolaklar döredilmeli” diýdi.
Yrak Türkmen frondynyň başlygy Eşred As Salihi, Yragyň parlamentinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.
Salihi “Bagdatdaky merkezi hökümet bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň arasyndaky çekeleşigiň gurbany hemişe arap we kürt sebitleriniň arasynda galan türkmenler boldy” diýdi.
Türkmenleriň soňky gezek Yrak Damask Yslam Döwleti guramasynyň öňbaşçylygyndaky ýaragly toparlar tarapyndan ele geçirlen Telafer şäherinde bolşy ýaly birnäçe gezek göç edilşige we gyrgynçylyga sezewar bolandygyny aýdan Salihi “Halkara jemgyýetçiligi, Diýalada we Kerkukda türkmenleri çaknyşykdan daşda tutup, olar üçin howpsuz zolaklar döretmeli” diýip belledi.
Salihi çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebitlerinden göçüp Yragyň demirgazygyna sygynan türkmenleriň sanynyň 350 müňe ýetendigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar