Kipr parahatçylyk güýjüniň iş möhledi uzadyldy

BMG Kipr parahatçylyk güýjüniň iş möhledini uzatdy

75183
Kipr parahatçylyk güýjüniň iş möhledi uzadyldy

BMG Kipr parahatçylyk güýjüniň iş möhledini uzatdy.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Kiprda iş alyp barýan BMG-nyň Parahatçylyk güýjüniň iş möhlediniň 6 aý uzadylmagy barada karar kabul etdi.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň düýn geçirlen maslahatynda bir agyzdan Kiprda 1964-nji ýyldan bäri iş alyp barýan Parahatçylyk güýjiniň iş möhlediniň 2015-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzadylmagy bilen baglanşykly karar kabul edildi.
Howpsuzlyk geňeşi BMG-nyň öňbaşçylyk etmeginde taraplaryň arasynda geçirilýän gepleşiklerde öňe gidişligiň edilendigini, emma Ada-da anyk netijäniň alnyp bilinmändigine ünsi çekdi we taraplara gepleşikleriň dowam etdirilmegi çagyryşyny berdi.
Beýleki tarapdan Howpsuzlyk geňeşi, BMG-nyň Yraga ýardam düzüminiň iş möhlediniň hem 1 ýyl uzadylmagy hakynda karar kabul etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar