Kiprde gepleşikler 17-nji sentýabrda başlaýar

Espen Bart Aýde Kiprde duşuşyklar geçirdi

115444
Kiprde gepleşikler 17-nji sentýabrda  başlaýar

Kiprde gepleşikler 17-nji sentýabrda ýaňadandan başlaýar.


Prezident Derwiş Erogly Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen 17-nji sentýabrda duşuşjakdyklaryny aýtdy.


BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Munyň Kipr boýunça ýörite geňeşçisi hökmünde bellenen Espen Bart Aýde hem Kiprde duşuşyklar geçirdi.


Aýde Ada-daky saparynyň çäginde ilki Kipriň grek böleginiň lideri Anastasiadis bilen duşuşdy.


Aýde soň bolsa DKTR-nyň Prezidenti Derwiş Erogly bilen duşuşdy.


Duşuşyklary hakynda beýanat beren Aýde täze wezipesi üçin iki tarapy diňlemek we garaýyşlaryny öwrenmek taýdan duşuşyklarynyň möhümdigini aýtdy.


DKTR-nyň Prezidenti Erogly hem taze liderler maslahatynyň geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny aýtdy.


Erogly Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen 16-njy sentýabrda iş naharynyň çäginde duşuşjakdyklaryny ýatlatdy


Etiketkalar:

Degişli Habarlar