Abdullah Eren we Fuad Muradow wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler

Abdullah Eren, Azerbaýjan Diasporasynyň Işlerini ýerine ýetiriji Döwlet komitediniň başlygy Fuad Muradow bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi

1470453
Abdullah Eren we Fuad Muradow wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler
YTB Azerbaycan.2.jpeg
YTB Azerbaycan.3.jpeg

Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň başlygy Abdullah Eren, Azerbaýjan Diasporasynyň Işlerini ýerine ýetiriji Döwlet komitediniň başlygy Fuad Muradow bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. 

Azerbaýjan Diasporasynyň Işlerini ýerine ýetiriji Döwlet komitediniň başlygy Fuad Muradow bilen wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda söz sözlän Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň başlygy Abdullah Eren: "Bir milletiň iki diasporasy bolmaz. Türk milleti dünýäniň niresinde bolsa bolsun hemişe birdir we jebisdir: dost we dogan jan Azerbaýjanyň ýanyndadyr" diýip belledi. 

Azerbaýjan Diasporasynyň Işlerini ýerine ýetiriji Döwlet komitediniň başlygy Fuad Muradow bilen wideo aragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygyndan soň Azerbaýjanyň metbugatyna beýanat beren Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň başlygy Abdullah Eren, maslahatyň barşynda iki ýurdyň diasporalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň we Ermenistanyň Azerbaýjanyň topraklaryna garşy hüjümleriniň üstünde durup geçendiklerini habar berdi. 

Ermenistanyň guran hüjümleriniň netijesinde ýogalan harby-raýat ähli şehitlere Alladan rehnet dilän Eren, Ermenistanyň hüjümlerini bolsa berk ýagdaýda ýazgarýandyklaryny mälim etdi. 

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýolbaşçylyk etmeginde iki ýurdyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklara ýurtlaryň ikisiniň degişli diaspora guramalary hökmünde goşant goşmaga tagalla edýändiklerini aýdan Abdullah Eren, bu babatda esasan hem soňky 2 ýylda möhüm işler durmuşa geçirendiklerini beýan etdi. 

"Türk Geňeşiniň çäginde Türkiýede diasporalardan jogapkär komitetleriň başlyklarynyň we ministrleriniň maslahatyny geçirdik. Germaniýanyň Berlin şäherinde, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde diasporalarymyzy bir ýere jemlän maslahatlar geçirdik. Hyzmatdaşlyklarymyzy artdyrmak bilen bagly işlerimizi dowam etdirýäris" diýen Eren, Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň Türkiýe Stipendiýalarynyň çäginde Türkiýede bilim alýan Azerbaýjanly talyplarada uly ähmiýet berýändiklerini aýan etdi. 

Dünýäniň tapawutly ýerlerinde bolan Türkiýäniň we Azerbaýjanyň diasporalarynyň Ermenistanyň öjükdiriji hereketlerine garşy umumy ýagdaýda reaksiýa bildirip, Ermenistanyň Azerbaýjanyň territoriýasyny bikanun ýagdaýda basyp almagyny hem bütin dünýä düşündirýändiklerine ünsleri çeken Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň başlygy Abdullah Eren: "Bir milletiň iki diasporasy bolmaz. Türk milleti dünýäniň niresinde bolsa bolsun hemişe birdir we jebisdir: dost we dogan jan Azerbaýjanyň ýanyndadyr" diýip belledi. 

Türkiýäniň Ermenistanyň hüjümlerine garşy iň başyndan bäri reaksiýa bildirýändigini we Türk halkynyň hem hemişe Azerbaýjanyň halky bilen jebislik içindedigini aýdan Eren, Türkiýäniň diaspora guramasy bolan Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň ýerine ýetirýän işleri bilen Azerbaýjanyň we Azerbaýjanyň halkynyň hakly dawasynyň ýanynda boljakdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar