Azerbaýjanyň goşuny Ermenistana degişli ýene-de 10 taňky hatardan çykardy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi beýanat berdi

1505355
Azerbaýjanyň goşuny Ermenistana degişli ýene-de 10 taňky hatardan çykardy

Azerbaýjanyň goşuny basyp alyşlygyň astyndaky toparklaryny azat etmek maksady bilen başladan operasiýasynyň çäginde Ermenistana degişli ýene-de 10 taňky hatardan çykardy. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýn Ermenistanyň goşunyna degişli 10 sany taňk, 6 sany D-20 gaubisa topy, 1 sany Akatsiýa kysymly gaubisa we 30 sany ulagyň hatardan çykarylandygy aýan edildi. 

Soňky maglumatlara görä 27-nji sentýabr-8-nji oktýabr aralygynda Ermenistanyň goşunyna degişli 260 sany taňk we sowutly ulag, 277 sany top we raketa ulgamy, 60 sany howa goranyş ulgamy, 11 gözegçilik nokady, 8 ok-däri ammary, takmynan esger daşaýan 180 sany ulag, 1 sany S-300 ulgamy Azerbaýjanyň goşuny tarapyndan ýok edildi. 



Degişli Habarlar