Hojaly Genosidiniň Gurbanlary Hatyralanýar

1992-nji ýylda zenanlar we çagalar bilen birlikde 613 adam gyrylypdy.

1785915
Hojaly Genosidiniň Gurbanlary Hatyralanýar
abd hocali.jpg
hocali isvec.jpg
belcika hocali.jpg

Azerbaýjanyň Daglyk Garabag Awtanomiýasyndaky Hojaly şäherçesinde 1992-nji ýylda zenanlar we çagalar bilen birlikde 613 adamyň gyrylmagynyň 30-njy ýylynda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda hatyralama çäresi geçirildi.

Azerbaýjanyň ABŞ-daky Ilçihanasy Kennedi Senterde “Hakykat we Adalat” mowzukly çäre gurady.

Türkiýäniň ABŞ-daky Ilçisi Hasan Murat Merjanyň we ABŞ-da ýaşaýan azerbaýjanlylaryň gatnaşmagyndaky çäräde genosidiň gurbanlary hatyralandy.

Hojaly şäherçesinde 613 adamyň gyrylmagynyň 30-njy ýylynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde-de hatyralama çäresi geçirildi.

Azerbaýjanyň Stokgolmdaky Ilçihanasy tarapyndan Galleri Peppa sungat merkezinde guralan çäräde şwed fotosenetkäri Mikael Silkebergin 2021-nji ýylyň noýabrynda Garabagda surata alan ermeni gyrgynçylygynda ýumrulan taryhy binalarynyň fotosuratlary sergilendi.

Hojaly şäherçesinde ermeniler tarapyndan gyrylan Azerbaýjanyň raýatlary Belgiýanyň paýtagty Brýusselde hem hatyralandy. Azatlyk ýadygärliginiň öňünde geçirilen çärä Azerbaýjanyň Brýusseldäki Ilçsi Wagyf Sadygow hem gatnaşdy.

Ermeni güýçleriniň 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Hojalyda zenan, çaga we garry tapawudyny goýmazdan eden gyrgynçylygynda goragsyz ýagdaýdaky 106 sanysy zenan, 70 sany garry, 63 sanysy çaga 613 Azerbaýjan raýaty gurban bolupdy.

 



Degişli Habarlar