“Kipr Türk Halkynyň Deň hukukly Özygtyýarlygy we Halkara Statusy Ykrar Edilmeli”

Prezident Tatar, BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Kolin Stýuardykabul etdi.

1987407
“Kipr Türk Halkynyň Deň hukukly Özygtyýarlygy we Halkara Statusy Ykrar Edilmeli”

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Kipr türk halkynyň deň hukukly özygtyýarlygy we halkara statusy ykrar edilmese, resmi gepleşiklere başlamajakdyklaryny aýtdy.

Prezient Tatar, BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Kolin Stýuardy paýtagt Nikosiýadaky Prezident köşgünde kabul etdi.

Kabul edilşikden soň beýannama beren Tatar, deň hukukly özygtyýarlygyna ünsi çekdi.

Kipr türk halkynyň deň hukukly özygtyýarlygynyň ykrar edilmelidigini nygtan Tatar, DKTR-nyň halkara stratusy kabul edilmezden gepleşiklere başlanmajakdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Prezident Tatar, “Kiprde barlygymyzyň dowam etdirilmegi üçin, Kiprde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we asudalygyň goralmagy üçin iki  deň hukukly tarapyň ylalaşyk gazanmagy üçin deň hukukly özygtyýarlyk we deň hukukly milli status esas hökmünde kabul edilmeli diýdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Kolin Stuart hem kabul edilşigiň netijeli geçendigini nygtap, “Bu etapda Kipr meselesinde öňe gidişlik edilmegini umyt edýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar