Gazagystanda pansionatlaryň birinde ýangyn boldy
Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän pansionatlaryň birinde bolan ýangynda 13 adam ýogaldy
2070898
Adatdan daşary ýagdaýlar edarasyndan berilen maglumata görä, Almaty şäherinde ýerzemini we 1-nji gaty pansionat hökmünde ulanylan 3 gatly binada bolan ýangynda 13 adam ýogaldy.
Berilen ilkinji maglumatlara görä adamlar kömürturşy gazyndan ýogaldylar.
Ýogalan adamlaryň şahsyýetleri anyklandy we kazyýet-lukmançylyk edarasynyň derňew geçirýändigi habar berildi.
72 adam bolan pansionatda ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady.
Degişli Habarlar
DKTR-da Azerbaýjanyň Halkara Medeniýet Merkezi Açyldy
Azerbaýjanyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndaky Halkara medeniýet merkezi dabara bilen açyldy.