Lawrow Baýramow Bilen Duşuşdy

Duşuşyk barasynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň internet sahypasyndan beýannama berildi.

2072877
Lawrow Baýramow Bilen Duşuşdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäginde özara duşuşyk geçirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň internet sahypasyndan berilen beýannama görä ministrleriň geçiren duşuşygynda “Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 2020-2022-nji ýyllarda iň ýokary derejede gazanylan üçtaraply ylalaşyklaryň esasynda kadalaşdyrylmagy ugrundaky tagallalaryň ýokarlandyrylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.”

Ministrligiň beýannamasyna görä duşuşykda şeýle hem Russiýa bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda 2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda gol çekililen Ýaranlyk gatnaşyklary hakynda jarnamanyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin edilmegi ikitaraply başlangyçlar barasynda pikir alyşyldy. Ikitaraply bähbitlere täsirini ýetirýän sebitleýin we halkara meseleler hakynda-da pikir alyşylan duşuşykda Hazar “Bäşliginiň” hyzmatdaşlyk ugurlaryna degişli ugurlar seljerildi.

 



Degişli Habarlar