Azerbaýjanda Ýer Titredi

Azerbaýjanda ýerli wagt bilen 08.16-da güýç merkezi Hazar deňizinde ýer titremesi boldy

2073495
Azerbaýjanda Ýer Titredi

Azerbaýjanda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, ýerli wagt bilen 08.16-da güýç merkezi Hazar deňizinde ýer titremesiniň bolandygy nygtaldy.

Beýannamada, 5,6 bal ululygyndaky ýer titremesiniň Abşeron ýarymadasynyň 56 kilometr demirgazygynda ýeriň 68 kilometr aşagynda bolandygy ýatladyldy.

Paýtagt Bakuda hem täsirli bolan ýer titremesinde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi hakynda hiç hili maglumat berilmedi.

 



Degişli Habarlar