Täze Azerbaýjan partiýasy Ilham Aliýewi Perzident saýlawyna dalaşgär hökmünde hödürlär

Prezident saýlawynyň 7 ýylda bir gezek geçirilýän Azerbaýjanda soňky saýlaw bolsa 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilipdi

2075634
Täze Azerbaýjan partiýasy Ilham Aliýewi Perzident saýlawyna dalaşgär hökmünde hödürlär

Täze Azerbaýjan partiýasynyň başlygynyň orunbasary Tahir Budagow 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiriljek möhletinden irki Prezident saýlawynda Azerbaýjanyň häzirki Prezidenti Ilham Aliýewi dalaşgär hödürlejekdiklerini habar berdi. 

Täze Azerbaýjan partiýasynyň başlygynyň orunbasary Tahir Budagow Täze Azerbaýjan partiýasynyň Dolanşyk geňeşiniň ýakyn wagtda maslahat geçirjekdigini we partiýanyň başlygy Ilham Aliýewi Prezident saýlawyna dalaşgär hökmünde hödürlejekdigini mälim etdi. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, möhletinden irki Prezident saýlawynyň 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilmegi bilen bagly kararnama gol çekipdi. 

Prezident saýlawynyň 7 ýylda bir gezek geçirilýän Azerbaýjanda soňky saýlaw bolsa 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilipdi. 



Degişli Habarlar