Türkiyäniň Daşary işler ministri Azerbaýjanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

Daşary işler ministri Hakan Fidan resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy

2076633
Türkiyäniň Daşary işler ministri Azerbaýjanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Baku şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen ikiçäk duşuşyk geçirjek Hakan Fidan ondan soň bolsa umumy metbugat ýygnagynda beýannama berer. 

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň gün tertibinde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşma tapgyry, Garabag Ýeňişindan soň Günorta Kawkazda ýola goýulmaga synanyşylýan parahatçylyk gepleşikleri, ara alynyp maslahatlaşyljak ugurlar bolar. 



Degişli Habarlar