Gazagystanda garly tupan başdan geçirilýär

Gazagystanyň günortasyndaky Jambul welaýatynda garly tupan we görüş ukybynyň peselmegi sebäpli sebitleýin derejede adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

2077141
Gazagystanda garly tupan başdan geçirilýär

Welaýatyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, sebitde aşa sowuk howa, garly tupan we görüş ukybynyň peselmegi ýaly ýaramaz howa şertleri sebäpli sebitleýin derejede adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigi habar berildi. 

Beýanatda welaýatda güýçli şemal we garly ýagyş sebäpli 4 etrapda elektrik toklaryň kesilendigi bellenip: "Şonuň bilen birlikde her birinde 500 bilen 700 aralygynda ýolagçy bolan 11 ýolagçy otlusy ýolda galdy. 12 ýük otlusy hem garaşdyrylýar" diýip mälim edildi. 

Soňky 2 günde sebitdäki gar sebäpli kyn ýagdaýda galan 5 müňden gowrak adamyň halas edilendigi bellenen beýanatda, welaýatyň çäginden geçýän ähli awto ýolllaryň ulaglara ýapylandygy aýan edildi. 

Jambul welaýatynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Armanbek Baýmurzin sebitdäki awto ýollarda 1000-den gowrak ulagyň kyn ýagdaýda galandygyny we şol ulaglaryň içindäki adamlary halas etmek üçin 750-den gowrak polisiýa işgäriniň iş alyp barýandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #sowuk howa , #Gazagystan

Degişli Habarlar