Erdogan Budapeşte Sapary Hakynda Habarnama Berdi

Prezident R.T.Erdogan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň çakylygyna laýyklykda Budapeşte guran sapary hakynda habarnama berdi.

2078385
Erdogan Budapeşte Sapary Hakynda Habarnama Berdi

Erdogan sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Wengriýa bilen dostlukly gatnaşyklarymyz, aslyna garalanda bir asyrdan gowrak dowam edýär. Premýer-ministr Hormatly Wiktor Orban bilen gol çekişilen Bilelikdäki syýasy jarnama arkaly hyzmatdaşlyk derejesindäki gatnaşyklarymyzy ýokarlandyrylan strategik ýaranlyk derejesine göterdik. Wengriýanyň synçy agza bolup durýan Türki döwletleriň guramasyna goşýan goşandyna hoşallyk bildirýärin” diýip, ýazdy.

Türkiýe bilen Wengriýanyň söwda mukdarynyň ýylyň 11 aýynda 4 milliard dollara golaýlandygyny beýan eden Erdogan, 6 milliard dollarlyk maksada ýetmekde ygrarlydyklaryny nygtady.

Erdogan häzirki wagtda netijeli hyzmatdaşlyga eýe bolunan goranyş senagaty we energetika ýaly pudaklarda gatnaşyklary hasam güýçlendirmegi meýilleşdirýändiklerine ünsi çekdi.  

 



Degişli Habarlar