Gyrgyzstanyň Mejlisi Ýurduň Baýdagynyň Üýtgedilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Kanun Prezident Sadyr Japarowyň tassyklamagyndan soň Resmi gazetde çap edilip, güýje girer.
Gyrgyz Respublikasynyň Mejlisiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Gyrgyz Respublikasynda Döwlet simwollary hakyndaky kanuna üýtgetmeleriň gizilmegi boýunça kanun taslamasy Baş Assmbleýanyň garamagyna hödürlendi.
Mejlisiň Başlygy Şakiýew we halk deputaty Ulan Primowuň Gyrgyzstanyň baýdagyny gowulandyrmak maksady bilen taýýarlan taslama 90 kürsüli Mejlisde sese goýulşyga gatnaşan 64 halk deputatynyň 59 sanysynyň ses bermeginde kabul edildi.
Taslama ýurduň baýdagyndaky tolkun görnüşindäki günüň şöhleleriniň düzleşdirilmegini we ortasyndaky motiwiň içindäki çyzyklaryň sanynyň 3-den 4-e çykarylmagyny öz içine alýar.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow 2-nji Halk gurultaýynda ýurduň baýdagynda üýtgetmeleriň edilmegini özüniň isländigini beýan edipdi.
Kanun Japarowyň tassyklamagyndan soň Resmi gazetde çap edilip, güýje girer.
Degişli Habarlar
DKTR-da Azerbaýjanyň Halkara Medeniýet Merkezi Açyldy
Azerbaýjanyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndaky Halkara medeniýet merkezi dabara bilen açyldy.