Prezident Erdogan, Ilham Aliýewi Doglan Güni Bilen Gutlady

rezident Erdogan Ilham Aliýewi öz adyndan we türk halkynyň adyndan doglan güni bilen gutlap, saglyk we uzak ýaş arzuw etdi.

2080252
Prezident Erdogan, Ilham Aliýewi Doglan Güni Bilen Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutlady.

Azerbeýjan tarapyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan Ilham Aliýewi öz adyndan we türk halkynyň adyndan doglan güni bilen gutlap, saglyk we uzak ýaş arzuw etdi.

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde, Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjanyň uly ösüş edendigini we halkara derejesinde täsiriniň günsaýyn güýçlenmeginiň özlerini buýsandyrýandygyny belledi.

Erdogan ýüzlenmesinde “Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky “iki döwlet bir millet” şygaryna esaslanýan doganlyk we arkalaşyk şu günki günde bolşy ýaly gelejekde hem özara gatnaşyklarymyza ylham bermäge dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar