Wise-prezident Jewdet Ýylmaz DKTR-da saparda bolýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyny dünýäden goparmaga synanyşýanlaryň onuň hötdesinden gelip bilmejekdiklerini beýan etdi

2087522
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz DKTR-da saparda bolýar

Sapar bilen DKTR-nyň paýtagty Lefkoşa baran Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Erjan howa menzilinde beren beýanatynda, DKTR-nyň garaşsyz, özygryýar bir döwlet hökmünde ýoluny dowam etdirýändigini, abadançylygyny we ösüşini günsaýyn ýokarlandyrmak ugrundaky göreşindeTürkiyäniň Kipr türkleriniň ýanyndadygyny habar berdi. 

Saparynyň çäginde DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar we Premýer ministri Ünal Üstel bilen geçirjek duşuşyklarynda iki ýurduň arasyndaky maliýe, ykdysady meseleler başda bolmak ähli hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýdan Jewdet Ýylmaz: "Käbir töwerekler DKTR-ni dünýäde goparmaga synanyşýan bolup biler, emma onuň hötdesinden gelip bilmezler. Olar bir gapyny ýapsa, biz başga gapylary açarys we DKTR, Kipr türkleri dünýä bilen bütewileşmäge, ähli ugurlarda dünýä goşant goşmaga dowam eder" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar