“Zengezur Geçelgesi Açylman Halatynda Ermenistan Bilen Serhetlerimizi Hem Açmarys”

Prezident Aliýew, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama berdi

2087166
“Zengezur Geçelgesi Açylman Halatynda Ermenistan Bilen Serhetlerimizi Hem Açmarys”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ýurdunyň günbatarynda ýerleşýän welaýatlary Nahiçywan Awtonomiýasy bilen birikdirjek Zengezur geçelgesi açylman halatynda, Ermenistan bilen bolan serhetlerini hem açmajakdyklaryny aýtdy.

Prezident Aliýew, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama berdi.

Ýurdunyň günbatarynda ýerleşýän welaýatlary Nahiçywan Awtonomiýasy bilen birikdirjek Zengezur geçelgesi barada durup geçen Ilham Aliýew, “Iň amatly alternatiw Ermenistanda ýerleşýän Mehri sebitinden geçjek liniýadyr. Hem demir ýoly hem-de gara ýoly şol ýerden geçmeli. Azerbaýjandan Azerbaýjana ynsanlar we ýükler şol geçelgeden erkin ýagdaýda geçmeli. Şeýle bolman halatynda ýagny geçelge açylman halatynda Ermenistan bilen bolan serhetlerimizi hem açmarys” diýdi.



Degişli Habarlar