Milli Goranmak Ministriniň Orunbasary Tüfekji Azerbaýjanda Saparda Boldy

Jelal Sami Tüfekji, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen duşuşdy.

2090023
Milli Goranmak Ministriniň Orunbasary Tüfekji Azerbaýjanda Saparda Boldy

Milli Goranmak ministriniň orunbasary Jelal Sami Tüfekji, Azerbaýjanda saparda boldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Jelal Sami Tüfekji, Azerbaýjanyň  Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen duşuşdy.

Duşuşyga Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jahit Bagjy hem gatnaşdy.

Duşuşykda özara harby hyzmatdaşlyk bilen birlikde sebitara howpsuzlyk meselesi ara alyp maslahatlaşyldy.

Milli Goranmak ministriniň orunbasary Jelal Sami Tüfekjiniň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Azerbaýjana guran saparynyň çäginde merhum Prezident Haýdar Aliýewiň gubyryna we 20-njy ýanwar şehitleriniň jaýlanan ýeri bolan Şehitler ýadigarligine we Baku Türk şehitligine hem baryp gördi.

 



Degişli Habarlar