Gazagystan Bilen Türkiýe Birlikde Harby Türgenleşik Geçirer

Gazagystan bilen Türkiýe “Gaplaň Ýoly 2024” ady bilen harby türgenleşik geçirer.

2095273
Gazagystan Bilen Türkiýe Birlikde Harby Türgenleşik Geçirer

Gazagystan bilen Türkiýe şu ýyl birlikde “Gaplaň Ýoly 2024” ady bilen harby türgenleşik geçirer.

Kazinformda berlen habara görä, Gazagystanyň Goranmak ministrligi şu ýyl halkara harby türgenleşiklere gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Şol çäkde Gazagystanyň we Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň arasynda “Gaplaň Ýoly 2024” türgenleşigi geçirler.

 Mundan başgada Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzstanyň we Täjigistanyň gatnaşmagynda “Birleşen-2024” türgenleşigi geçirler.

Özbegistan, Gyrgyzstan, Täjigistan we Belarus bilen birlikde harby türgenleşik geçirmegi meýilleşdirýän Gazagystanyň ýaragly güýçleri, Hazarýaka ýurtlarynyň Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Russiýanyň gatnaşmagyndaky harby türgenleşige hem gatnaşar.



Degişli Habarlar