Azerbaýjan, Ýewropa Geňeşine we ÝAHK Agzalygyny Gözden Geçirer

Ilham Aliýew, Parlamentara bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungongy kabul etdi.

2096468
Azerbaýjan, Ýewropa Geňeşine we ÝAHK Agzalygyny Gözden Geçirer

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ýurdunyň Ýewropa Geňeşine we Ýewropa adam hukuklaryna kaziýetine agzalyklaryndan çekilip biljekdigini aýtdy.

Ilham Aliýew, iş sapary bilen ýurduna gelen Parlamentara bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungongy kabul etdi.

Aliýew, kabul edilşikde Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar Mejlisinde Azerbaýjana garşy duşmançylykly tutumyň alnyp barylandygyny nygtady.

Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar Mejlisiniň bu tutumynyň guramanyň esasy ýörelgelerine bap gelmeýändigini aýdan Aliýew “Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar Mejlisi Azerbaýjanyn wekilleriniň hak-hukuklaryny yzyna bermese, Azerbaýjan, Ýewropa Geňeşine we Ýewropa adam hukuklaryna kaziýetine agzalygy meselesini ýaňadandan seljeler” diýdi.

Fransiýanyn Azerbaýjana garşy alyp barýan tutumy hakynda hem durup geçen Aliýew “Sebiti durnuksyzlaşdyrmak syýasatyny alyp barýan Fransiýa, dartgynlyklaryň möwjemegine sebäp bolýar. Sebitimizde dartgynlygyň sebäbi bolan Pariž, halkara guramalar we parlamentler derejesinde hem Azerbaýjana garşy tutum alyp barýar. Fransiýa, Günorta Kawkazyň lideri bolmak isleýär. Emma täsirini güýçlendirmek üçin edýän tagallalary netijesiz” diýip belledi.



Degişli Habarlar