Türkiyäniň Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletlere eksporty artdy

Türkiyäniň Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletlere (Türkiye, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan) eksporty geçen ýyl ondan öňki ýyla garanyňda 14,2 göterim artyp, 6 milliard 831 million dollara ýetdi

2096313
Türkiyäniň Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletlere eksporty artdy

Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklary soňky ýyllarda artdy. 

Türkiyäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen maglumata görä, Türkiyäniň Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan döwletlerinden ybarat Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlara eksporty geçen 2023-nji ýylda 2022-nji ýyla garanyňda 14,2 göterim artyp, 6,8 milliard dollara ýetdi. 

Ady agzalan döwürde iň köp eksport amala aşyrylan ýurt 2,4 milliard dollar bilen Azerbaýjan boldy. 

Ondan soň 1,7 milliard dollar bilen Gazagystan, 1,6 milliard dollar bilen Özbegistan, 1 milliard dollar bilen Gyrgyzystan gelýär. 

Türki Döwletleriň Guramasynyň çägindäki ýurtlara iň köp eksport himiki maddalar we önümleri pudagynda amala aşyryldy. 

Iň köp eksport 4 milliard dollar bilen Stambuldan ýerine ýetirildi. 

Mega şäher Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletlere ýerine ýetirilen eksportyň 58,5 göterimini öz üstüne aldy. 



Degişli Habarlar