Azerbaýjan, Ermenistanyň Pozisiýalaryna Garşy Operasiýa Geçirdi

"Ermenistanyň meçew beriji aksiýasyna degişli gaýtawul görkeziler"

2101538
Azerbaýjan, Ermenistanyň Pozisiýalaryna Garşy Operasiýa Geçirdi

 

Azerbaýjan, Ermenistan tarapyndan od açylandygy sebäpli serhet galasynda bir esgeriň ýaralanandygy sebäpli “ar alyş” operasiýasyny geçirdi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, howpsuzlyk güýçleriniň Ermenistanyň meçew beriji aksiýasyna degişli gaýtawuly görkezendigi nygtaldy.

Beýannamada, azerbaýjanly esgerlere od açylan pozisiýanyň dolulygyna hatardan çykarlandygy, ermeni esgerleriniň arasynda ýogalanlaryň bardygy bellenildi.

Beýannamada, Ermenistanyň meçew beriji aksiýalaryna mundan soň degişli gaýtawulyň görkeziljekdigi, wakadan Ermenistanyň harby we syýasy ýolbaşçylarynyň jogapkärdigi ýatladyldy.

Ermenistanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada bolsa, Azerbaýjanyň ar-alyş operasiýasynda ilkinji kesgitlemelere görä, 2 esgeriň ýogalandygy nygtaldy.

Düýn Zengilan welaýatynyň Kollukişlak obasynyň golaýyndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna, Kafan welaýatynyň Nerkin-And obasynyň golaýyndaky Ermenistanyň pozisiýalaryndan od açylypdy. Wakada azerbaýjanly 1 esger ýaralanypdy.

 

 



Degişli Habarlar