Ermenistandan Azerbaýjana tarap ot açyldy

Ermenistandan Azerbaýjana tarap ot açylmagy netijesinde bir azerbaýjanly esger ýaralandy

2101290
Ermenistandan Azerbaýjana tarap ot açyldy

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugyndan berilen beýanatda, Zengilan etrabynyň Kollukyşlak obasy ugrundaky Azerbaýjana degişli liniýalara Ermenistanyň Kafan welaýatynyň Nerkin-And obasy ugrundaky liniýalardan ot açylandygy mälim edildi. 

Beýanatda ot açylmagy netijesinde Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugyndan bir azerbaýjanly esgeriň ýaralanandygy, ýaralanan esgeriň dikuçar bilen hassahana alynyp gidilendigi habar berildi. 

Ermenistan tarapyndan Azerbaýjana degişli liniýalara ot açylmagy bilen bagly pursatlaryň wideo ýazga alynandygy bellenen beýanatda, ýagdaýyň Azerbaýjanyň harby birikmeleriniň gözegçiligi astyndadygy aýan edildi. 

Başdan geçirilen prowokasiýanyň jogapkärçiliginiň Ermenistanyň harby we syýasy dolanşygyndadygy habar berildi. 



Degişli Habarlar