Aliýew Kasam Edip Wezipesine Başlady

Aliýew “Azerbaýjanyň halkynyň asyrlardan bäri dowam etdirýän milli we ruhy gymmatlyklaryna wepaly bolaryn we we olary hemişe beýgelderin” diýdi.

2102353
Aliýew Kasam Edip Wezipesine Başlady

Azerbaýjanda 7-nji fewralda geçirlen irki prezident saýlawynda sesleriň 92,12 göterimini alan Ilham Aliýew, kasam edip wezipesine başlady.

Wezipesine gaýtadan saýlanan Ilham Aliýew üçin Azerbaýjanyň Milli Mejlisinde kasam ediş dabarasy geçirildi.

Ministrleriň, halk deputatlarynyň, ýurtda iş alyp barýan ilçileriň we ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagyndaky kasam ediş dabarasy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Baş Assambleýasynda geçirildi.

Dabarada kasam eden Aliýew “Azerbaýjanyň halkynyň asyrlardan bäri dowam etdirýän milli we ruhy gymmatlyklaryna wepaly bolaryn we we olary hemişe beýgelderin” diýdi.

 



Degişli Habarlar