Täjik-Gyrgyz Serhedi Boýunça Ylalaşyklar Dowam Edýär

Täjigistan bilen Gyrgyzstan düşnüşmezlige sebäp bolan serhediň ýene-de 1,1 kilometri boýunça ylalaşyk gazandy.

2103960
Täjik-Gyrgyz Serhedi Boýunça Ylalaşyklar Dowam Edýär

Täjigistanyň Milli döwlet howpsuzlyk komitetinden berilen beýannamada ýurduň demirgazygyndaky Sogd welaýatynyň Bostan etrabynda iki ýurduň işjeň toparlarynyň maslahat geçirendigi mälim edildi.

Toparlaryň ýerlerde geçiren barlaglaryndan soň umumy serhediň ýene-de 1,1 kilometri boýunça ylalaşandyklary we degişli teswirnama gol goýulandygy habar berildi.

Beýannamada taraplaryň Gyrgyzstanda geçiriljek nobatdaky maslahatda iki ýurduň arasynda düşnüşmezlige sebäp bolýan serhediň galan bölegi boýunça işleriň dowam etjekdigi aýdylýar.

Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň arasyndaky 972 kilometrlik serhediň häzirki wagta çenli 90 göterimine barabar bolan 889,45 kilometrlik böleginde ylalaşylan bolsa, soňky gezek 30-njy ýanwar bilen 5-nji fewralyň aralygynda Gyrgyzstanyň Batket şäherinde duşuşan taraplar, serhediň ýene-de 3,71 kilometrlik bölegi boýunça ylalaşyp, teswirnama gol çekişipdi.

Täjigistan bilen Gyrgyzstanyň arasynda serhet düşnüşmezlikleri sebäpli wagtal-wagtal dartgynlyklar bolup, çaknyşyklarda onlarça adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar