Ermeni Güýçleri Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açdy

Ermeni güýçleri, Kelbejer welaýatynyň Ýellije obasyndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna od açdy

2106702
Ermeni Güýçleri Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açdy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, ermeni güýçleriniň, Kelbejer welaýatynyň Ýellije obasyndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna od açandygyny habar berdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Basargeçer welaýatynyň Ýokary Şorja obasyndaky Ermenistanyň pozisiýalaryndan Ýellije obasyndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna od açylandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Serhet galasynda ýagdaýyň dartgynlaşmazlygy we durnuklylygyň goralyp saklanmagy maksady bilen Azerbaýjanyň howpsuzlyk güýçleri hüjüme degişli gaýtawuly görkezmedi. Ermenistanyň harby ýolbaşçylaryna serhetde soňky 5 aýdan dowam edýän durnuklylygyň bozulmazlygy üçin degişli çäreleri görmegi barada çagyryş berýäris. Wakanyň jogapkärleriniň jezalandyrylmagyny talap edýäris” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar