Numan Kurtulmuş Hojaly Gyrgynçylygynyň Gurbanlaryny Hatyralady

Hojalyda çagalar, ýaşulylar we zenanlar bilen birlikde şehit edilen doganlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys

2107394
Numan Kurtulmuş Hojaly Gyrgynçylygynyň Gurbanlaryny Hatyralady

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş, Hojaly gyrgynçylygynyň 32-nji ýylynda ýüzlenme çap etdi.

Kurtulmuş sosial mediadan beren ýüzlenmesinde “1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda ermeniler tarapyndan Hojalyda çagalar, ýaşulylar we zenanlar bilen birlikde şehit edilen doganlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys. Azerbaýjanyň halkyna gynanç bildirýäris. Bütin dünýä, adamzada garşy edilen bu jenaýaty ýok hasap edýän bolsa-da azerbaýjanly doganlarymyzy hemişe uly hormat bilen hatyralarys” diýildi.

 



Degişli Habarlar