Gyrgyzstan Bilen Mongoliýa Hyzmatdaşlyk Teswirnamasyny Baglaşdy

Mongoliýanyň Milli Mejlisiniň başlygy Zandanshatar Gombožaw Bişkekde saparda boldy

2108140
Gyrgyzstan Bilen Mongoliýa Hyzmatdaşlyk Teswirnamasyny Baglaşdy

Mongoliýanyň Milli Mejlisiniň başlygy Zandanshatar Gombožaw resmi sapar bilen Bişkege bardy.

Gyrgyzstanyň Mejlisiniň başlygy Nurlanbek Şakiýew paýtagt Bişkekde kärdeşi Zandanshatar Gombožaw bilen duşuşdy.

Şakiýew duşuşykda eden çykyşynda, gyrgyz we mangol halklarynyň asyrlardan bäri taryhy we medeni taýdan biri-biri bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtady.

Soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam edýändigini ýatladan Şakiýew, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Mongoliýanyň Milli Mejlisiniň başlygy Zandanshatar Gombožaw hem Gyrgyzstan bilen söwda, syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändiklerine ünsi çekdi.

Zandanshatar Gombožaw, Gyrgyzstanyň Mejlisiniň başlygy Şakiýewi şu ýyl Mongoliýada geçiriljek “Trans-Altaý” forumyna çagyrdy.

Geçirlen gepleşikleriň netijesinde Şakiýew bilen Gombožaw, parlamentara hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.



Degişli Habarlar