Hakan Fidan Gazak Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Duşuşykda geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 10 milliard dollardan geçendigi ýatladyldy.

2109364
Hakan Fidan Gazak Kärdeşi Bilen Duşuşdy

3-nji Antalýa Diplomatiýa Forumyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Antalýa gelen Gazagystanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Murat Nurteleu Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda özara syýasy gatnaşyklar bilen birlikde goranyş senagaty, bilim we medeniýet ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 10 milliard dollardan geçendigi ýatladyldy.

Hakan Fidan bilen Murat Nurteleu durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamar, sebitara meseleler we Türki döwletleriň guramasynyň çäginde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar