Azerbaýjan Hankendide ermeniler tarapyndan gurulan parlament binasyny ýumurýar
Azerbaýjan Garabagyň basyp alyşlyk ýyllarynda ermeniler tarapyndan Hankendi şäherinde gurulan parlament binasyny ýumurýar
Garabag sebitindäki ermeni režimi tarapyndan 1994-nji ýylda gurulan we 2009-njy ýylda abatlanmaga başlanan "Parlament" we "Weteranlar" binalarynyň ýumrulmak işleri Azerbaýjanyň hökümediniň görkezmesi esasynda başlandy.
Basyp alyşlyk zamanynda Hankendi şäheriniň merkezi meýdançasynda ermeniler tarapyndan guruan 3 gatly binada özlerini "deputat" diýip atlandyrýan 33 ermeni iş alyp barýardy.
Ýumrulmak işleri dowam edýän "Weterenlar" binasy bolsa 2013-nji ýylda gurulypdy we binanyň açylyşyna Ermenistanyň Prezidenti Serž Sarkisýan hem gatnaşypdy.
Azerbaýjanyň hökümedi tarapyndan bir tarapdan Hankendi şäherinde ermeniler tarapyndan bikanun ýagdaýda gurulan binalar ýumrulýan bolsa, beýleki tarapdan şäheriň taryhy eserleri dikeldilýär.
Degişli Habarlar
DKTR-da Azerbaýjanyň Halkara Medeniýet Merkezi Açyldy
Azerbaýjanyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndaky Halkara medeniýet merkezi dabara bilen açyldy.