Hakan Fidan Bakuwa Bardy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Günorta Kawkazda durnukly parahatçylygyň we asudalygyň ýola goýulmagy üçin taryhy pursadyň ýüze çykandygyny aýtdy.

2115907
Hakan Fidan Bakuwa Bardy

Ministr Fidan Yrakdaky saparyndan soň Azerbaýjana bardy.

Hakan Fidan Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn 9-njy maslahatynda çykyş etdi.

Ministr Fidan Günorta Kawkazda durnukly parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň diňe bir sebit üçin däl, global howpsuzlyk hem-de arabaglanşyk taýdan hem möhümdigini nygtap; “2020-nji ýylyň noýabr aýynda 2-nji Garabag söweşiniň gutarmagyndan bäri bu maksada ýetmek üçin taryhy pursadyň ýüze çykandygyna ynanýarys” diýdi.

Hakan Fidan sebit ýurtlarynyň “iki taraply bähbitlilik” düşünjesi bilen Zengezur geçelgesi ýaly sebitleýin hem-de global aragatnaşyk taslamalaryna goldaw bermeklerine garaşýandyklaryny aýtdy.

Gazada hüjümleriň dessine bes edilmegi hakyndaky çagyryşyny gaýtalan Fidan, mübärek oraz aýynda henizem gazalylary açlyga we ýokanç kesellere sezewar edýän Ysraýylyň zulmunyň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Bakuwdaky saparynyň çäginde kärdeşleri bilen özara duşuşykar geçirjek Hakan Fidan, 11-nji Global Bakuw foruma gatnaşar.

 



Degişli Habarlar