Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Özbegistanda saparda bolýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz resmi sapar bilen giden Özbegistanda Wise-premýer, Ykdysadyýet we maliýe ministri Jemşit Kuçkarow bilen ýurduň paýtagty Daşkent şäherinde duşuşyk geçirdi

2134238
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Özbegistanda saparda bolýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz geçirilen duşuşyk bilen bagly beren beýanatynda: "Geçirilen duşuşykda ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarymyz bilen birlikde oba-hojalyk, gurluşyk, energetika, suw dolanşygy, ulag, bank-maliýe ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn häsýetdäki maýa goýumlarymyzy ara alyp maslahatlaşdyk. Özbegistan bilen girdeji al-girdeji al ýörelgä esaslanýan we deňagramly ýagdaýda dowam edýän ikitaraplaýyn söwdamyz, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 3,1 milliard dollardan geçdi. Hormatly prezidentimiziň kesgitlän 5 milliard dollarlyk söwda mukdary maksatnamamyza iň ýakyn wagtda ýetjekdigimize bolan ynamymyz doludyr. Ata ýurdumyz Özbegistanyň Türki Döwletleriň Guramasyndaky roluna uly ähmiýet berýäris. Hormatly Kuçkarowa we wekiliýetine myhmansöýerlikleri üçin minnetdarlyk bildirýäris, hyzmatdaşlygymyzyň artyp dowam etmegini dileýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar