Gyrgyzystandaky ulag heläkçiliginde 29 okuwçy ýaralandy

Ýük ulagynyň sürüjisi göz tussaglygyna alyndy

2134830
Gyrgyzystandaky ulag heläkçiliginde 29 okuwçy ýaralandy

Gyrgyzystanda bir ýük ulagynyň Milli Manas dessany bilen bagly geçirilýän çäreler üçin bir ýere ýygnanan adamlaryň arasyna girmegi netijesinde 29 okuwçy ýaralandy. 

Jelalabad sebitiniň Suzak etrabyndaky Jerge-Tal diýilýän ýerinde açyk meýdanda geçirilýän Milli Manas dessanyny okamak çäresinde, duran ulag näbelli sebäbe görä aşaklygyna tarap hereket etmäge başlady.

Ýük ulagy çärä gatnaşan adamlaryň arasyna girdi. 

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä wakada ýaşlary 9-16 aralygynda üýtgeýän 29 çaga ýaralandy.

Ýaralanan çagalaryň 3-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy mälim edildi. 

Ýük ulagynyň sürüjisi göz tussaglygyna alyndy.

Sürüji polisiýa gulugyna beren beýanatynda çäre geçirilýän ýere doňdurma alyp barandygyny we duran ulagynyň näbelli sebäbe görä hereket etmäge başlandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #çaga , #çäre , #Manas , #Gyrgyzystan

Degişli Habarlar