Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2129537
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Günbatar ýek-ýürek bolup Ysraýyla “dur” diýmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýyla hüjüm eden Eýrana garşy dessine herekete geçen günbataryň Gaza meselesinde dymmagyny tankyt edendigini ýazýar. Erdogan: “Günbatar ýurtlarynyň Eýranyň garşysynda ýek-ýürek bolup reaksiýa görezip bilýändigini gördük. Şol güýçleriň indi ýek-ýürek bolup Ysraýyla “dur” diýmekleri gerek” diýdi.

“Star” gazeti “Kurtulmuş sionist gysyşdan ejir çekýän alymlara çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň sionist gysyşlara sezewar bolan ähli alymlara çagyryş edip; “Türkiýäniň gapysy ähli alymlara açyk” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Gresiýanyň göçümine Türkiýe reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakisiň İon we Egeý deňizlerinde gurmagy meýilleşdirýän deňiz seýilgählerine Türkiýaniň berk reaksiýa bildirendigini ýazýar. Daşary işler ministrligi halkara şertnamalara görä Gresiýa degişli bolmadyk ada we adajyklar hakynda grek tarapynyň haýsydyr bir hukugynyň ýokdugyny beýan etdi.

“Haber Türk” gazeti “Stambul howa menzili10-njy ýerde” söz başyly habarynda, merkezi Britaniýada ýerleşýän awiasiýa derejelendiriş guramasy “Skýtraxyň” dünýäniň iň gowy howa menzillerini kesgitländigini mälim edýär. Ýolagçylar bilen geçirilen sowalnamalara esaslanýan sanawda Stambul howa menzili “Bütindünýä howa menzilleriniň baýraklary 2024-de 10-njy orny eýeledi.

“Hürriýet” gazeti “Mobilefest 2024 sergisi üçin taýýarlyklar tamamlandy” söz başyly habarynda, Ýewraziýa sebitiniň esasy tehnologiýa sergisi “Mobilefestiň” aprel aýynyň 25-27-i aralygynda Stambulda geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 4-njisi geçiriljek Mobilefest Aragatnaşyk tenologiýalary sergisi we maslahaty 300-den gowrak markany hem-de 20 müňden gowrak myhmany kabul eder.



Degişli Habarlar