Atlas dabaraly ýagdaýda Türkiýäniň Howa Güýçlerine tabşyryldy

Prezident Abdulla Gül ýük uçarynyň Türkiýäniň Howa Güýçlerine tabşyrlyş dabarasyna gatnaşdy

66303
Atlas dabaraly ýagdaýda Türkiýäniň Howa Güýçlerine tabşyryldy

Türkiýäniň ilkinji strategik ýük uçary Atlas dabaraly ýagdaýda Türkiýäniň Howa Güýçlerine tabşyryldy.

Türkiýe bilen birlikde 6 ýurt tarapyndan öndürlen gymmaty 1,3 milliard dollara barabar bolan Airbas A400M Atlas uçary Türkiýäniň Howa Güýçleri serkerdeliginiň inwentaryna goşuldy.

Prezident Abdulla Gül hem Kaýseride ýük uçarynyň Türkiýäniň Howa Güýçlerine tabşyrlyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Gül dabarada eden çykyşynda dünýäniň iň güýçli ýük uçarlaryna eýe bolan we muny öndürýän konsorsiuma goşulan Türkiýäniň uly öňe gidişlik edendigini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar