İzetbegowiç Prezident Abdulla Gül bilen duşuşdy

Gül Türkiýäniň Bosniýa-Gersogowina berýän goldawyna ünsi çekdi

66654
İzetbegowiç Prezident Abdulla Gül bilen duşuşdy

Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidiumynyň Başlygy Bakir İzetbegowiç resmi sapar bilen Türkiýä geldi.

İzetbegowiç ilki Premýer ministr Erdogan bilen günorta naharynda duşuşdy.

İzetbegowiç soň bolsa Çankaýa köşgüne bardy.

Prezident Abdulla Gül İzetbegowiçi resmi dabara bilen garşylady.

Gül bilen İzetbegowiç özara we toparara duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan şertnamalar bukjasyna gol çekişlik dabarasyna gatnaşdylar we metbugata beýanat berdiler

Prezident Abdulla Gül metbugata beren beýanatynda Türkiýäniň Bosniýa-Gersogowina berýän goldawyna ünsi çekdi.

Abdulla Gül “Bosniýa-Gersogownanyň Ýewropa we Ýewropa Atlantika guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini arzuw edýäris. Bu mesele bilen baglanşykly Bosniýa-Gersogowinanyň ýerine ýetirmegi zerur bolan jogapkärçilikleri bardyr. Bularyň gysga wagtda ýerine ýetirilmegine garaşylýar. Halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçiliklerini hem ýatdan çykarmalyň. Bu nukdaý nazardan ÝB-niň Bosniýa-Gersogowina üçin taýarlan taslamasyna oňyn garaýarys. Bosniýa-Gersogowinanyň NATO agzalyk etabynda hem uly öňe gidişlik edendigine ünsi çekmek isleýärin” diýdi.

İki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çeken İzzetbegowiç hem Türk işewür adamlaryna maýa goýum çagyryşyny berdi.

İzzetbegowiç saparynyň çäginde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçek bilen hem duşuşdy

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar