Manisa welaýatynyň Soma etrabynda magdan pajygasy boldy…

Magdan käninde tranformatoryň partlamagy netijesinde çykan ýangyndan soň tüsseden zyýan çeken 238 işçi aradan çykdy

67517
Manisa welaýatynyň Soma etrabynda magdan pajygasy boldy…

Soma etrabyna baran energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz wakanyň bolan wagtynda magdan käninde 787 işçiniň işleýändigini, şolardan 363 sanysynyň halas edilendigini, galanlaryny halas etmek üçin iş alynyp barylýandygyny aýtdy.

Taner Ýyldyz ýogalanlaryň uglekisel gazyndan zäherlenendigini, halas ediş işleriniň güýçli depginde alynyp barylýandygyny nygtady.

Ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sany barasynda ýalňyş maglumatlaryň bolup biljekdigine ünsi çeken ministr Ýyldyz, soňky kesgitlemelere görä magdanlarda işlemeýänleriň hem halas ediş işleri üçin ol ýere baran bolup biljekdigini görkezýändigini nygtady.

Taner Ýyldyz onuň ýogalanlaryň sanyny artdyryp biljekdigini aýtdy. 430 adamyň gatnaşmagyndaky halas ediş işleriniň yzgiderli dowam edýändigini bellän Taner Ýyldyz wagtyň geçmegi bilen aladalaryň artýandygyna ünsi çekdi.

Magdan käninden çykarylan işçiler tiz kömek ulagy bilen Soma we golaýdaky etraplaryň hassahanalaryna alynyp gidilýär.

Beýleki tarapdan magdan ojagyndaky ýangyn sebäpli ýogalan işçileriň şahsyýetleri anyklaýyş işleri hem dowam edýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar