Prezident Abdulla Gül Soma etrabyna barar

Daş-kömür käninde bolan partlama sebäpli Hytaýa gurajak 6 günlük saparyny bes eden Prezident Abdulla Gül şu gün Soma etrabyna barar

67871
Prezident Abdulla Gül Soma etrabyna barar

Gül partlamanyň bolan magdan känine baryp, degişli ýolbaşçylardan maglumat alar.

Prezident Abdulla Güle ABŞ-na gurajak saparyny bes eden Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçek ýoldaşlyk eder.

Soma etrabyndaky pajyga sebäpli düýn Mejlisdäki komissalaryň maslahatlary we metbugat ýygnaklary bes edildi.

Mejlisiň Baş Assambleýasynyň açylyşynda pajygadan ýogalanlar üçin hormat nyzamyna duruldy.

Hormat nyzamyndan soň 4 partiýanyň Mejlisiň başlyklygyna beren bilelikdäki teksti okaldy.

Baş Assambleýanyň işine 20-nji maýa çenli arakesme berildi.

Oppozision partiýalaryň ýolbaşçylary hem duýgudaşlyk ýüzlenmelerini çap etdiler.

Şeýlede Respublikan halk partiýasynyň ýolbaşçysy Kemal Kylyçdarogly we Halkyň demokratiýa partiýasynyň egindeş ýolbaşçysy Sebahat Tunjel düýn Soma etrabyna bardy. Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bolsa şu gün Soma etrabyna barar.

Baş Ştabyň başlygy Neždet Özel we Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez hem


Etiketkalar:

Degişli Habarlar