Premýer ministrligiň Soma üçin ýardam kampaniýasy

Premýer ministrlik Soma etrabyna bolan pajygada garyndaş-doganyny ýitiren maşgalalar üçin berilen we beriljek kömekler üçin işe girişdi

69105
 Premýer ministrligiň Soma üçin ýardam kampaniýasy

Premýer ministr R.T.Erdoganyň goly bilen çap edilen görkezmede, ynsanperwer kömekleriniň gyssagly we birkemsiz dowam etidirlmegi üçin indi bir merkezden, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy tarapyndan alynyp baryljakdygy nygtaldy.

Premýer ministrligiň çap eden gözkezmesinde Soma etrabyndaky waka sebäpli zyýan çeken ýa-da garyndaşlaryny ýitiren işçileriň islegleriniň döwletiň mümkinçilikleri bilen kanagatlandyrylandygy mälim edildi.

Soma etrabynda bolan pajygada zyýan çeken raýatlara kömek etmek isleýänler Ziraat, Wakyflar we Halk banklarynda açylan hasaplaşyk hasaplaryna pul geçirip bilerler.

Şeýle-de 5 lira öwezinde ähli GSM operatorlary arkaly “Soma” ýazyp, 1866 belgä SMS ugradyp kömek edip bilerler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar