Ýaşlar Atatürkiň kümmetinde

Beýik Baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň gubyryna gül desseleri goýyldy we hormat nyzamyna duruldy

69595
Ýaşlar Atatürkiň kümmetinde

Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy

Somada başdan geçirlen magdan pajygasy sebäpli şu ýyl 19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramyna bagyşlanyp diňe resmi dabara geçirler.

Resmi dabara Atatürkiň kümmetinde sagat 09-35-de başlady.

Ýaşlar we sport ministri Çagataý Kylyç bilen dürli mekdeplerden we sport komandalaryndan gelen ýaşlar Ýolbarsly ýoldan başlan ýörişinden soň Beýik Baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň gubyryna gül desselerini goýdy we hormat nyzamyna duruldy.

Ministr Kylyç Atatürkiň kümmetiniň ýörite depderine “Somada başdan geçirlen we uly gynanç döreden heläkçilikde ýogalan 301 işçimiz hemişe uly hormat bilen hatyralanar. Ýakan milli azat edijilik we garaşsyzlyk oduňyz ilkinji günündäki ýaly ýurdumyzyň döwrebap medeniýete ýolagçylygyny ýagtyldýar”diýip ýazdy.

Prezident Abdulla Gül Stambulyň gubernatory Hüseýin Awny Mutlu bilen wekiliýetindäki ýaşlar toparyny Tarabýa köşgünde kabul eder.

19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy üçin Ankara gelen ýaşalary hem Premýer ministr R. T. Erdogan kabul eder.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar